ImdatElektronika HJ

Önümler

Biz ýurdymyza halk hojalygynyň pudaklaryny dolandyrmaga ýüze çykýan meseleleri çözmäge, bilim ugurlaryny özgertmäge iň täze tehnologiýalary we döwrebap önümleri ornaşdyrýarys.

vector1

Aragatnaşyk ulgamy

Motorola (MotoTRBO)

MotoTRBO – bu sanly kommunikasion platformasy bolup islendik ýagdaýda siziň işgärleriňize hemişe ikitaraplaýyn sanly radioaragatnaşykda bolmaga mümkinçilik döredýär.

Motorola (TETRA)

Motorola kompaniýasynyň TETRA standarty tiz depginde sanly radiotelefon aragatnaşyk ulgamyny döretmäge mümkinçilik döredýär. Tetra standartynyň esasy ulanyjylary hukuk goraýjy edaralar, senagat edaralary hem-de howa menzilleri bolup duryar.

Ndsatcom

Hemra aragatnaşygy

Hemra aragatnaşygy – bu älem radioargatnaşygynyň, retranslýatorlar hökmünde ýörite aragatnaşyk hemralary görnüşinde ýöriteleşdirilen emeli hemralardan peýdalanylmagyna esaslanýan bir görnüşi bolup durýar. Hemra aragatnaşygy stasionar ýa-da hereket edýän (ýere gurnalan ýa-da uçujy enjamlara gurnalan) görnüşli ýer stansiýalarynyň aralarynda amala aşýar.

Wideogözegçilik (CCTV)

Avigilon

Avigilon wideoanalitika, programma serişdeleri, kameralary wideogözegçilik enjamlary oýlap tapmakda we öndürmekde dünýäniň öňde baryjy kompaniýasydyr. Bu programmalar we enjamlar arkaly isledik pudaga degişli desgalaryň wideogözegçiligini we goragyny üpjin etmek mümkindir.

Avigilon CCTV
Bosch CCTV

Bosch

Bosch kompaniýasynyň wideogözegçilik enjamlary arkaly ýokary hilli şekillere syn etmek mümkin. Bu wideogözegçilik enjamlar arkaly goralýan desgalaryň howpsyzlygyna üpjün etmege ýardam berýär.Wideogözegçilik enjamlar toplumynda şekiliň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen her dürli funksiýalar ulanylýar.

Flir

Flir Systems kompaniýasy termokameralary öndürmekde dünýäniň iň ösen kompaniýasy bolup, ol sengat we edara kärhanalaryň desgalarynyň goragyny üpjün etmekde giňden ulanylýar.

Flir Термокамеры

Geçişleri dolandyryş ulgamy

Avigilon Контроль доступом

Avigilon

Avigilon kompaniýasy diňe bir wideogözegçilik enjamlaryny oýlap tapmakda we öndürmekde çäklenmän eýsem bu kompaniýa geçiş nokatlary dolandyrmak ulgamlaryny oýlap tapmakda we öndürmekde dünýä bazarynda öňde baryjy kompaniýalaryň hataryna girýär. Bu kompaniýanyň geçişleri dolandyrmak ulgamy dünýäniň ähli pudaklarynda giňden peýdalaynlýar.

Bosch

Bosch kompaniýasynyň geçişleri dolandyrmak ulgamy orta we kiçeňräk edara kärhanalar üçin niýetlenendir. Bu ulgamy gurnamak we ulanmak beýliki ulgamlara garanyňda ýeňil bolany üçin örän meşhur bolup durýar. Bosch kompaniýasynyň bu ulgamy hil taýdan ýokary bolany üçin hem müşderleriň arasynda uly meşhurlygy gazanmagy başardy.

Контроль доступ
Simonsvoss

Simons Voss

Mehaniki silindrli gulplar bilen gulplanýan ähli otaglar üçin aňrybaş gözegçilik guramak üçin hem-de gorag gullugynyň talaplarynyň goşmaça ýokarlanmagy ýagdaýlary üçin “Simons Voss Technology GmbH” (Germaniýa) kompaniýasy tarapyndan geçişleri çäklendirmegiň elektron gulply ulgamy işlenip taýýarlandy we döredildi.

Gorag ulgamy

Bosch

Bosch kompaniýasynyň gorag ulgamy keseki adamyň desga girmegini, dörän ýangyny anyklamany, geçiriş nokatlaryny dolandyrmagy öz içine alýar. Bu gorag ulgamynyň kömegi bilen islendik pudaga degişli desgalaryň goragyny üpjün etmek mümkin.

Security systems,Охранные системы

Zatlaryn internedi (IOT)

RFID

RFID

RFID (iňl. Radio Frequency IDentification, radio ýygylyk arkaly şahsyýetlendiriş) — transponderlerde ýa-da RFID teglerinde saklanýan maglumatlaryň radio signallar arkaly okalmagyna ýa-da ýazgy edilmegine mümkinçilik berýän, desgalaryň awtomatiki usulda şahsyýetlendiriş ulgamydyr.

LoRaWan

LPWAN (iňl. Low-power Wide-area Network — «uzak aralykly täsirli energiýa tygşytly tor») — telemetriýa, maşynlarara gatnaşyk we zatlaryň interneti üçin ulanylýan kiçi göwrümli maglumatlary uzak aralyklara ugratmak üçin ulanylýan simsiz aragatnaşygyň görnüşidir.

Lorawan

Innowasiýon tehnologiýalar

HYPERVSN

Şu tehnologiýa 3D-şekiliniň howada gaýmagyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamy daş aralykdan kompýuter ýa-da telefon arkaly dolandyrmak mümkin. 3D- şekiliniň howada gaýyşy ähli adamlaryň ünsini çekip biler. Şol sebäpli bu tehnologiýany mahabat üçin giňden peýdalanylýar.

Makeblok

Makeblock – bu konstruktor robatlary bolup, onuň düzüminde alýumin bölekleri hem-de dürli mehanizmlerden ybaratdyr. Bu konstruktor toplumy ýaşlarymyza robototehnikany hem-de inženerçiligi bilim derejesine garamazdan öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Konstruktor toplymy ýaşlaryň hem-de çagalaryň aň düşünjelerini ýokarlandyrmakda robototehnikanyň başlangyjyna düşünmekde uly ýardam berýär.

Makeblock
pricer device

Pricer

Priсer-bu awtomatlaşdyrylan enjam ownuk söwda toplumlarynda harytlaryň maglumatlaryny ekrana çykarmak maksady bilen haryt baradaky maglumatlary tiz depginde çalyşamaga mümkinçilik berýär. Bu enjam söwda merkezlerde we marketlarda giňden peýdalanylýar.

Close Menu