ImdatElektronika HJ

Ugurlarymyz

Biziň ýokary hünär taýýarlykly toparymyz size iň häzirkizaman çözgütleri hödürleýär. Siz geljege ugrukdyrylan ýokary hilli ýerine ýetirişlere bil baglap bilersiňiz.

Howpsuzlyk ulgamy

Bosch CCTV

Wideogözegçilik (CCTV​)

Wideogözegçilik ulgamy (wideokamera, obýektiw, monitor, registrator we beýleki enjamlar) – bu programma-enjamlaşdyrylan toplum bolup durýar. Şu enjamlar toplumy ýerli we bölekleýin ýerleşdirilen desgalaryň goragyny we wideogözegçiligini alyp barmaga niýetlenendir. Şu günde wideogözegçilik enjamlar toplumy häzirki zaman howupsyzlyk ulgamlarynda wajyp orny eýeleýär.

Geçirişleri dolandyryş ulgamlary

Geçişleri dolandyrmak we gözegçilik ulgamy-bu programma-enjamlaýyn tehniki howpsuzlyk serişdeleriniň toplumy bolup, desgalarda adamlaryň, ulaglaryň w.b. obýektleriň bellenen meýdança gapylar, derwezeler BGN ýaly “geçiş nokatlaryndan” giriş-çykyşlaryny çäklendimek we ýazgy etmek maksadyna eýerýär.

Avigilon Контроль доступом
Bosch Охранные системы

Gorag ulgamy

Gorag ulgamy – bu tehniki serişdeleriniň bilelikde işlemeginiň jemi bolup, gorag astyndaky desgalara näbelli obýektleriň girmegini ýüze çykarmakda hem-de desganyň jogapkärine dessine habar bermekde ulanylýar. Bu ulgam arkaly desganyň goragyny ýokary derejede üpjün etmek mümkindir.

Aragatnaşyk ulgamy

Radioaragatnaşyk (Motorola)

Motorola Solutions Tehnologiýalary adamlara aragatnaşykda galmaga ýardam berýär. Dünýäniň ähli ýerlerindäki söwda guramalary we jemgyýet howpsuzlygy gulluklary işgärlerine işlerini ýöretmekleri üçin zerur bolan ähli maglumatlary, hususan-da bu olaryň ählisi üçin has-da wajyp wagty yzygiderli üpjün etmek üçin ýokary hilli aragatnaşyk çözgütleri üçin Motorola Solutions kompaniýasynyň çözgütlerine ýüz tutýarlar.

Motorola Mototrbo
Anntenas

Hemra aragatnaşygy

Hemra aragatnaşygy – bu älem radioargatnaşygynyň, retranslýatorlar hökmünde ýörite aragatnaşyk hemralary görnüşinde ýöriteleşdirilen emeli hemralardan peýdalanylmagyna esaslanýan bir görnüşi bolup durýar. Hemra aragatnaşygy stasionar ýa-da hereket edýän (ýere gurnalan ýa-da uçujy enjamlara gurnalan) görnüşli ýer stansiýalarynyň aralarynda amala aşýar.

Zatlaryň internedi (IOT)

LoRaWAN

LPWAN (iňl. Low-power Wide-area Network — «uzak aralykly täsirli energiýa tygşytly tor») — telemetriýa, maşynlarara gatnaşyk we zatlaryň interneti üçin ulanylýan kiçi göwrümli maglumatlary uzak aralyklara ugratmak üçin ulanylýan simsiz aragatnaşygyň görnüşidir.

RFID

RFID (iňl. Radio Frequency IDentification, radio ýygylyk arkaly şahsyýetlendiriş) — transponderlerde ýa-da RFID teglerinde saklanýan maglumatlaryň radio signallar arkaly okalmagyna ýa-da ýazgy edilmegine mümkinçilik berýän, desgalaryň awtomatiki usulda şahsyýetlendiriş ulgamydyr.

RFID tag
Oracle

Maglumatlar bazasy (Oracle)

Oracle (Oracle Corporation) — programma üpjünçiligini üpjün etmegiň umumy girdejisi boýunça dünýäde ikinji ýerdäki (birinji ýerde Microsoft), guramalar üçin programma üpjünçiligini üpjün etmek boýunça dünýäde birinji ýerdäki we serwer enjamlaryny üpjün ediji Amerikan kompaniýasydyr. Kompaniýa programma üpjünçiligini we söwda-akyşlaryny (pudaklaýyn ýerine ýetirişlere ýöriteleşýän ERP we CRM ulgamlaryny) baglaýan maglumatlar bazasyny dolandyryjy ulgamlaryň çykarylmagynda ýöriteleşýär. Onuň has meşhur önümi – Oracle Database bolup ol kompaniýanyň döredilen wagtyndan bäri çykarylýar.

Innowasiýon tehnologiýalar

HYPERVSN

Şu tehnologiýa 3D-şekiliniň howada gaýmagyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamy daş aralykdan kompýuter ýa-da telefon arkaly dolandyrmak mümkin. 3D- şekiliniň howada gaýyşy ähli adamlaryň ünsini çekip biler. Şol sebäpli bu tehnologiýany mahabat üçin giňden peýdalanylýar.

Makeblock

Makeblock

Makeblock – bu konstruktor robatlary bolup, onuň düzüminde alýumin bölekleri hem-de dürli mehanizmlerden ybaratdyr. Bu konstruktor toplumy ýaşlarymyza robototehnikany hem-de inženerçiligi bilim derejesine garamazdan öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Konstruktor toplymy ýaşlaryň hem-de çagalaryň aň düşünjelerini ýokarlandyrmakda robototehnikanyň başlangyjyna düşünmekde uly ýardam berýär.

Close Menu